Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işi (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) - Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry görnüşi. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama ygtyýarnamala şu hukuklary berýär: * raýat işleri boýunça we edara ediş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky işler boýunça kazyýetde, arbitraž kazyýetde we beýleki edara düzümlerinde hem-de jemgyýetçilik guramalarynda wekilçilik etmäge; * jenaýat işleri boýunça goraýjy, jebir çekeniň, raýat hak isleýjiniň we raýat jogap berijiniň wekili hökmünde anyklaýyş işleri geçirilende, deslapky derňewde hem-de kazyýetde gatnaşmaga; * Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuk meseleleri boýunça dil üsti bilen maslahatlary, şeýle hem düşündirişleri bermäge, hukuk häsiýetli arzalary, şikaýatlary we beýleki resmi namalary düzmäge hem-de beýleki hukuk kömegini bermäge.